Meksikan aýlagynda nebit burawlaýjy platformada bolan betbagçylykdan bäri bir aý geçenem bolsa, British Petroleum kompaniýasynyň nebitiň suwa akmagynyň öňüni alyp bilmeýändigi üçin ABŞ kompaniýany ýiti tankyt etdi.
Nebitiň syzmagynyň öňüni almak üçin kesgitlenen wagtyň tamamlanandygyny ABŞ-nyň içeri işler ministri Ken Salazar aýtdy.
Onuň sözlerine görä, eger ýakyn wagtlarda ýagdaý gowulaşmasa, ABŞ British Petroleum kompaniýasyny işden çetleşdirip, onuň ýerini başga bir kompaniýa berip biler.
Nebitiň aýlagyň suwuna akyp durmagy bilen Meksikan aýlagynda hem ABŞ-nyň günorta kenarlarynda çynlakaý ekologik problemalar döredi.