Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar haçan dynç almaly?


Tomus pasly ýetip gelýär. Bu paslyň gelmegi bilen, Türkmenistanda örän köp gullukçylar tomusky zähmet dynç alşyna çykýarlar. Umuman, Türkmenistanda köp kişiler zähmet dynç alşyna jöwzaly tomus paslynda çykmagy halaýan-da bolsalar, başga kärlerde işleýänler zähmet dynç alşyna ýylyň islendik paslynda çykyp bilýärler.


Mugallymlar üçin bolsa, zähmet dynç alşy üçin diňe tomus pasly bar. Tomsuň hem iýul we awgust aýlary. Sebäbi mugallym diňe okuwçylar okuwy tamamlanandan soň dynç alyp bilýär. Okuwçylaryň okuwy bolsa iýun aýynyň ortalaryna tamamlanýar.

«Beýik Galkynyşlar döwri» diýlip at berlen häzirki—ýagny, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik işine başlan döwründe mugallymlar üçin kän ýeňillikler boldy. Berdimuhamedow mugallymlaryň aýlygyny 20 prosent derejede galdyrdy hem-de mugallymyň bir hepdede okatmaly 36 sagadynyň sanyny 24 sagada çenli azaltdy.

Geçen 2009-njy ýyldan bolsa mugallymlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan özleri üçin ýene bir gowulyk aldylar, ýagny 2009-njy ýyldan mugallymlar üçin öň 35 gün bolan tomusky zähmet dynç alşyň üstüne ýene on gün goşuldy. Şeýlelikde, mugallymlaryň zähmet dynç alyş güni 45 güne barabar boldy.

Režimden närazy

Emma şeýle gowy eglişikleriň edilenligine garamazdan, mugallymlar häzirki režimden örän närazy. Olaryň ýüzleri haçan görseň gamaşyp dur. Munuň özüne ýetesi sebäpleri bar.

Näme sebäbe görädir, mugallym her günde iki sagat okuw okatsa-da, bäş sagat okuw okatsa-da, alty sagat okatsa-da, bir sagat okatsa-da, hökman gündiz sagat üçe çenli oturmaly. Uçden soň mugallymlaryň köplügi öýlerine gaýdyp, her gün bir mugallym nobatçy bolup, agşam bäşe, alta çenli oturmaly. Hepdäniň dynç günlerinde, baýramçylyk günlerinde nobatma-nobat bir mugallym irden sagat sekizden agşam alta çenli nobatçylyk çekmeli.

Günüň-güni bolup durýan baýramçylyk dabaralaryna, ýygnaklara, sport çärelerine, futbol ýaryşlaryna mugallym hökman okuwçylaryny alyp barmaly. Dabaralar tamamlanandan soň, okuwçylary ene-atalaryna gowşurmaly. Täze ýyl dabaralarynda, gijeki konsertler bolanda şeýle ýagdaýlar üçin mugallym hatda gije sagat 1-e çenli-de saklanmaly bolýar. Mugallym dabaralara, çärelere okuwçylary alyp gitmek üçin awtobus tutmaly hem-de okuwçylardan pul ýygnap, awtobusa tölemeli.

Klaslary okuwçylaryň hasabyna özi remont etmeli. Islese, ussa tutmaly, ussa tölemäge puly bolmasa, öz elleri, maşgalasy bilen remont etmeli.

Mekdep uçastogynda her mugallym üçin ýer bölünip berilýär. Şol ýerde mugallym owadan gülleri ekmeli. Gül ekmezden öň ýerini özi depmeli. Güller gögerensoň özi otagyny otap, suwaryp durmaly. Bu işi mugallym pul töläp kimdir birine etdirse-de bolýar, başga kişä pul tölemegi kyn görse, özi okuwçylary bilen ýa-da bir özi etmeli. Mugallyma bölünip berlen ýerde ýekeje ot gögermeli däl, her dürli güller açylyşyp durmaly.

Okuwdan başga

Bu zatlar okuw döwrüniň gürrüňleri. Okuwçylar tomus kanikulyna gidensoň, mugallymlar zähmet dynç alşyna çyksalar-da olara dynç almaga wagt ýok. Soňky döwür şeýle bir baýramçylyklar köpeldi welin, ony sanap tükeder ýaly bolmady. Günüň-güni baýramçylyk. Bu baýramçylyklara mugallymlar hökman gatnaşmaly. Sebäbi ilat köpçüligi öz erkine hiç bir baýramçylyga gatnaşmaýar. Baýramçylygy iki-üç adam bilen hem geçirip bolanok.

Baýramçylyklary, ýygnaklary köpçülik bolup geçirmeli. Şol köpçüligi döretmek hem ýene esasan, mugallymlaryň boýnuna. Döwletden aýlyk alýanlar hökman döwlet baýramçylyklaryny, döwlet ýygnaklaryny, bir senä bagyşlanan çäreleri, konsertleri geçirişmeli. Şu zatlara gatnaşmaýanlar işi bilen hoşlaşaýmaly. Şeýle bolansoň, tomusky zähmet dynç alşyna çykan mugallymlaryň yzyndan: «Okuwçylaryňy tap-da, pylan ýerdäki konserte, baýramçylyga, çärä, ýygnaga gel» diýen ýaly jaňlar günüň-güni gelip durýar. Gepiň keltesi, mugallymyň tomusky zähmet dynç alşy burnundan gelýär.

Irden sagat ýedide çala garbanyp mekdebe ylgaýan mugallymyň gerdenine soňky ýüklenýän bu azaplar sebäpli, ýygnaklar, baýramçylyklar, futbol ýaryşlary bolup durka, konsertler geçip durka çaşyp ýykylýan mugallymlar, okuwçylar az bolanok. Hut şu ýylyň içinde hem şeýle wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Beýle wakalaryň ýüz bermesi indi hemmeler üçin adata hem öwrülipdir.

«Tiz kömek»

Baýramçylyklar, konsertler, ýygnaklar, çäreler, sport ýaryşlary geçýän ýerlerde indi «Tiz kömek» maşynlary durýar. Çaşýan mugallymlary «Tiz kömege» mündürip goýberýärler. Olaryň çaşany hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Çaşan mugallym ýa-da okuwçy «Tiz kömege» salynýança sanalgy adam bu waka seredýär. «Tiz kömek» gidensoň, ýene konserte, baýramçylyk dabaralaryna, sport ýaryşlaryna güýmenýärler. Şu çäreleriň ählisine göwreli, ýaş çagaly mugallymlara çenli eltilýär.

Mugallym diňe okuwçylaryny yzyna tirkäp, ýygnakdan-ýygnaga, futboldan-futbola, konsertden-konserte entäp ýörmeli däl. Olarda okamaga, birneme düşünjesini artdyrmak üçin kitap gatyny açmaga-da wagt bolmaly. Beýik Galkynyşlar döwrüniň mugallymlary kitap okamag-a beýle-de dursun, gündeki barlamaly depderlerini barlamaga, ertirki okatjak sapaklarynyň konspektini ýazmaga wagt tapanoklar.

Baýramçylyklara býujetden aýlyk alýanlary gamçylap eltmeli däl-de, halk höwes bilen gatnaşar ýaly, olary ýokary derejede gurnamaly.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG