Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa suw joşmasynyň kynçylyklaryny başdan geçirýär


Polşa häzir soňky onýyllyklarda iň güýçli suw joşmasynyň kynçylyklaryny başdan geçirýär.

Warşawanyň şäher häkimligi paýtagtyň ýaşaýjylaryna Wisla derýasynyň suwunyň ýokary galmagy bilen ýaşap oturan jaýlaryna zyýan ýetmeginiň mümkindigini duýdurdy.

Derýanyň kenarynda gije-gündiz böwet galdyrylmagy, pesräk ýerlerde ýaşaýanlary wagtlaýyn göçürmek ýaly çäreleriň agyr heläkçilikleriň önüni alandygy habar berilýär.

15 adam Polşada suw joşmasynyň pidasy boldy. Ýöne suw gaýdandan soň häzir at-dereksiz ýiten hasap edilýänleriň jesetleriniň tapylmagyndan häkimiýetler ätiýaç edýär.
XS
SM
MD
LG