Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Patyşasynyň arzuwy gullarynda hasyl boldy


Aram-aram beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň: «Belent daglar, belentligňe buýsanma, göweçde suw bolan zer dek bolar sen!» diýen goşgy setirlerini ýatlap, oýa batýarsyň. Döwür ötýär, döwür aýlanýar, döwür täzelenýär, ady äleme dolan patyşalar ornuny başga birine berip, häkimlikden çetleşýär.

Dünýäni basyp alýan, ýeňilmezek, batyr serkerdeler öz möwritini ötürip, ornuny başga kişä goýup, özleri hiç kim bolup galýarlar. Dünýe şeýle gurlan - dünýede hemme zat üýtgemeli. Bu mizemez kanun.

Emma «Akylly ogul - irde biler, akmak ogul - giçde biler, tokmak ogul - hiçde biler» diýlişi ýaly, tokmak ogullar dünýädäki hiç bir zadyň baky däldigine, wezipe diýlen zadyň-a asla-da baky däldigine, dünýädäki her bir zadyň üýtgäp durýandygyna tä maňlaýlary daşa degýänçä düşünmeýärler. Tokmak ogullar özlerine berlen zat (wezipe, pul we ş.m.) bakydyr öýdüp pikir edýärler.

Şeýle ýagdaýlar, ýagny tokmak ogullaryň wezipä bellenişi Türkmenistanda, ýurduň Garaşsyzlygy almagy bilen kän bolup geçdi. Tokmaklaryň wezipä bellenmegi ýurduň halk hojalygynyň ähli pudagynda-da ýüz berdi: medisinada-da, maliýe-ykdysady ugurlarda-da, harby ugurlarda-da… Şunuň ýaly-da, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy tokmak ogullardan özüne pressekretarlar hem belledi.

Olar wezipä baky gelendiris öýtdüler. Kimleri işden kowdurdylar, kimleri işe belletdiler. Biri Türkmenbaşa «Türkmenbaşy» adyny dakdyrdy. Biri patyşasyna diňe «Belent mertebeli» diýmegi ýola goýdy, biri Türkmenbaşyny “pygamber” etmäge synanyşdy. Garaz, etmedik işleri ýok. Ýaranjaňlyk syýasatyny ýola goýdular, Türkmenbaşy hakda goşgy, aýdym döretmegi ýola goýdular. Türkmenbaşydan öz hyzmatlary üçin jaý, maşyn aldylar.

Uly balyklaryň kiçi balyklary iýşi ýaly, rehimsiz haýwanlaryň ejiz haýwanlary iýşi ýaly, rehimsiz jemgyýet hem özüniň öňe çykaran kişileriniň başyny özi «iýýär». Şeýlelikde, Türkmenbaşy özüniň diri wagtynda öz pressekretarlarynyň «başyny iýdi», ýagny, olary öz buýrugy bilen işden kowdy.

Ýurtda Türkmenbaşy syýasatynyň döremegine, ösmegine, çuň kök urmagyna özleriniň propagandistik işleri hem-de şol wagt «dag ýaran demleri» bilen goldaw beren pressekretarlara soňy bilen Türkmenbaşynyň hökümetinden hiç hili iş berilmedi. Olar hut özleriniň işden kowduran adamlary ýaly, işsizleriň arasyna goşulyp, köpçüligiň siliniň içinde ýitip gitdiler.

Sen kim bolanyňda-da, çagalaryňy, maşgalaňy eklemek borjuň bolup durýar. Pressekretarlar öz guran jemgyýetlerinde, özleriniň döreden kynçylyklaryna duçar boldular: işden bir kowlan adam Türkmenbaşynyň gurup giden jemgyýetinde işe girip bilmeýär. Şeýle bolansoň, olar Türkmenbaşynyň öňünde top bolup togalanyp alan maşynlaryny taksi edinip, kireý etmäge başladylar. Şeýdip, durmuşy iteklemeli boldular.

Ertir ýene kim taksist bolarka?!

Ýetimlikde ulalansoň, hiç wagt jübüsinde doýa garna iýer ýaly puly bolmadyk Türkmenbaşy özüniň ýatlamalarynda çagajykka taksist bolmagy arzuwlandygyny, ýöne Allatagalanyň oňa has belent wezipäni berendigini ýazýar.

Taksist bolmak arzuwy Türkmenbaşynyň durmuşynda amala aşmadyk hem bolsa, onuň pressekretarlarynyň durmuşynda-ha amala aşypdyr. Olar bizi her gün diýen ýaly işe äkidýär, işden getirýär. Saklaýaň welin: «Agam, näçe berjek?» diýip soraýarlar. «Iki manat berjek» diýseň, «Üç edäý-dä» diýip ýalbarýarlar. Käte olaryň bir wagtky dag ýarýan demini ýatladasyň gelýär. Birdenem: «Pesler bilen agyz deňemek nämä gerek!» diýip, sesiňi çykaraňok. Olar özleriniň jebir beren adamlarynyň hemmesini tananoklar. Sebäbi olaryň jebir berenleri sanardan örän kän. Pressekretarlar indi olary Türkmenbaşy serdarlaryndan sowgat alan maşynlary bilen işe, toýa gatnadýarlar.

Belent daglar, belentligňe buýsanma,
Göweçde suw bolan zer dek bolar sen,
Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,
Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen.

Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
Zalymlar har bolar, galar aýakda!
Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen!


(Magtymguly Pyragy)

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG