Halkara Walýuta Gaznasy ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin Kosowa 110 million ýewro kredit berer.
Kososwanyň premýer-ministri Haşim Taçi HWG-niň ýolbaşçylary bilen gepleşiklerden soň karzyň örän amatly şertlerde berilýändigini aýtdy.
Taçiniň sözlerine görä, gelnen ylalaşyk Bütindünýä Bankyndan hem Ýewrobileleşikden üç ýylyň dowamynda 210 million ýewro möçberinde dotasiýa bermegi-de göz öňünde tutýar.
Bütindünýä Bankynyň berýän bahasyna görä, Kosowa Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň biri bolup, ilatynyň ýarsyna golaýynyň alýan girdejisi ýaşaýyş minimumyndan aşakda.