Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokar Tugurowyň planlaşdyrylan sergisi ýatyryldy


Anna güni Türkmenistanyň medeniýet ministri Gulmyrat Myradow türkmenistanly belli hudožnik, merhum Tokar Tugurowyň Aşgabatda gurnalmagy planlaşdyrylan sergisiniň gurnalmagyny gadagan etdi.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy maglumat berdi.

Maglumata görä, bu serigini gurnamak işi geçen ýyldan bäri yza süýşürilip gelnipdir.

Şu hepdäniň çarşenbe güni Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde tanymal hudožnik, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, merhum Tokar Tugurowyň sungatynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolupdy.

Dabara hudožnigiň kärdeşleri we dost-ýarlary bilen birlikde, Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň-da käbir wekilleri gatnaşdylar.

Emma Türkmenistanyň resmi mediasy bu çäre barada hiç hili maglumat ýaýratmady.

Bu günki planlaşdyrylan serginiň ýatyrylmagynyň sebäpleri barada-da resmi Türkmenistan hiç hili maglumat ýaýratmaýar.

2008-nji ýylda aradan çykan hudožnik Tokar Tugurow şu ýylyň maýynda 66 ýaşamalydy.
XS
SM
MD
LG