Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: «Türkmenistan adam hukuklary babatda köp işlemeli»


«Türkmenistan adam hukuklary meselesinde köp iş etmeli, ýöne bu mesele Fransiýanyň energiýa baý döwlet bilen ykdysady hyzmatdaşlygyndan aýratynlykda serediler» diýip, Parižiň hukuk ilçisi aýtdy.

Fransua Zimere, penşenbe hem anna günleri Türkmenistana eden saparynda, türmede saklanýan iki aktiwistiň ýanyna baryp görmäge rugsat edilmedi.

Zimere AFP habar gullugyna Türkmenistan adam hukuklary babatda öňki ýyllardaky heläkçilikli ýagdaýa garanda ilerleme etdi diýdi. Şeýle-de ol Türkmenistanda türmeler, söz azatlygy we beýleki meseleler boýunça hukuk bozulmalarynyň saklanyp galýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ilçi Türkmen Helsinki toparynyň tussaglykda saklaýan iki aktiwistinden hem habar tutmakçydy, emma oňa olary görmäge rugsat berilmedi.

Zimere Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen tussaglar Sapardurdy Hajyýew hem Annagurban Amangylyjow barada gürleşendigini aýtdy.

Bu iki aktiwist ýapyk sudda bikanun ok-ýarag saklamakda aýyplanyp, 7 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Amangylyjow Fransiýanyň dokumental film öndürýän Galaksi-Pres kompaniýasy üçin işläpdi.
XS
SM
MD
LG