Ysraýyl Palestinanyň Gaza etrabyna gumanitar kömek alyp barmaga synanyşanlygy üçin tussag edilen ýüzlerçe daşary ýurtlyny deportasiýa etmek işiniň tamamlananlygyny habar berdi.
Ysraýylly esgerleriň şol gämä eden hüjüminde 9 adamyň ölenligi aýdylýar.
Duşenbe güni bolan şol wakada ölenlerden azyndan 4 adamyň we tussag edilen aktiwistlerden ýüzlerçesiniň Türkiýäniň raýatlarydygy aýdylýar. Bu hem Ysraýyl bilen Türkiýäniň gatnaşygynyň barha dartgynlaşmagyna getirýär.
Ysraýyl mundan ozal Gaza barmaga synanyşyp tussag edilen şol aktiwistlerden onlarçasyny Iordaniýa deportasiýa edipdi.
Şol bir wagtyň özünde BMG-nyň Baş sekretary Ban Ki Mun Gaza ynsanperwerlik ýardamlarynyň iberilmegi üçin Ysraýyldan bu regiona garşy dowam etdirýän gabawyny haýal etmezden ýatyrmagyny talap etdi.
Emma Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu düýnki eden çykyşynda Gaza garşy dowam etdirilýän gabawyň arkasynda durup, Eýran we beýleki ýurtlaryň Gaza raketa we beýleki ýaraglary ibermeginiň öňüni almak üçin bu çäräniň zerurdygyny öňe sürdi.
Şol bir wagtyň özünde BMG-nyň Adam hukuklary boýunça geňeşi Ysraýyl tarapyndan şol gämilere edilen hüjüm bilen bagly halkara derňewleriň geçirilmegi hakda karar kabul etdi.
Ysraýylyň ýakyn ýarany bolan ABŞ bu karar boýunça düýnki bolan ses berlişikde garşy ses ulandy.