Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä ýaryşyna az wagt galdy


Futbol boýunça dünýä ýaryşynyň başlanmagyna sanlyjy gün galdy. Afrika kontinentinde taryhda ilkinji gezek geçirilýän dünýä ýaryşyna bu kontinentiň ilaty has hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Futbol boýunça dünýä ýaryşynyň geçjek ýeri bolan Günorta Afrika respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde gurnalan düýnki metbugat konferensiýasynda Halkara futbol federasiýasynyň resmileri 11-nji iýunda başlanjak bu ýaryşyň guramaçylyk işlerine uly taýýarlyk görýändiklerini aýtdylar.

Halkara futbol federasiýasynyň baş sekretary Jerome Walkeniň aýtmagyna görä, ýaryşyň dowamynda geçiriljek 64 oýnuň guramaçylyk işleri uly tagallalary talap edýär.

Bu futbol ýaryşynyň soňky final oýny Ýohannesburg şäherinde iýul aýynyň 11-ne bolar. Maglumata görä, ähli oýunlar üçin jemi 30 milliondan hem gowrak bilet çap edilipdir. Soňky günler bu biletlerden her günde bäş müňüsiniň satylýandygy habar berilýär.

Howpsuzlyk aladalary

Halkara futbol federasiýasynyň we futbolyň jankoýerleriniň optimistik keýplerine garamazdan, bu ýaryş bilen bagly käbir alada döredýän meseleler hem ýok däl. Howpsuzlygy üpjün etmek meselesi in esasy meselelerden biri bolup durýar.

Geçen ýekşenbe güni bu ýerde Nigeriýa bilen Demirgazyk Koreýanyň komandalarynyň geçiren ýoldaşlyk ýaryşynda tomaşaçylaryň arasynda ýüze çykan dyknyşykda 16 adamyň çynlakaý ýaralanmagy howpsuzlyk meselesi baradaky aladalary has hem artdyrdy.

Düýnki metbugat konferensiýasynda Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Josef Blatter dünýä ýaryşynyň dowamynda gaýdyp bular ýaly howply ýagdaýyň bolmagyna ýol berilmejekdigini nygtap, çykyş etdi.

Mundan bary-ýogy birnäçe aý ozal, şu ýylyň ýanwarynda futbol boýunça Dünýä ýaryşyna saýlama oýunlaryň barşynda Angolada Togonyň futbolçylarynyň münüp barýan awtobusyna terrorçylaryň eden hüjümi terrorizm bilen bagly aladalaryň hem güýçlenmegine sebäp boldy.

Günorta Afrika respublikasynyň häkimiýetleri bu ugurda bolaýmagy mümkin islendik howpuň öňüni almak üçin 40 müňden hem gowrak polisiýa işgärleriniň futbol ýaryşynyň geçýän günlerinde howpsuzlyk ýagdaýyna gözegçilik etjekdiklerini aýdýarlar. Bu howpsuzlyk çärelerine dikuçarlaryň we köpsanly gury ýer transportlarynyň hem çekiljekdikleri habar berilýär.

Ýüze çykan dawalar

2006-njy ýylda Germaniýada geçen dünýä ýaryşynyň final oýnunda Italiýanyň oýunçysy Marko Materazziniň meçew bermegi bilen fransuz futbolçysy Zinedin Zidanyň ony süsüp, ýere ýykmagy käbir dawalaryň ýüze çykmagyna getiripdi.

Bu gezekki dünýä ýaryşynyň saýlama oýunlarynda-da ýene Fransiýanyň komandasy dawalaryň obýektine öwrüldi. Hususan-da, Fransiýanyň ýygyndy komandasynyň oýunçysy Tierri Henriniň topy eli bilen oýnamagy netijesinde Irlandiýanyň ýygyndy komandasynyň derwezesine gol salynmagy hem uly dawalaryň ýüze çykmagyna getiripdi. Bu oýunlarda sudýalaryň çykaran kararlary olaryň näderejede adalatly sudýalyk edýändikleri barada-da sorag döretdi.

Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Josef Blatter geçen aý bu Federasiýanyň geňeşiniň çekeleşikli maslahatlardan soň futbol meýdançasynda barybir bir esasy sudýanyň bolmalydygy we oňa-da aňyrsy iki sany sudýanyň kömekçilik etmelidigi barada karara gelendigini aýtdy.

Sudýaly meselelerden daşgary bu gezek Dünýä ýaryşy üçin «Adidas» firmasynyň ýasan täze toplarynyň hili barada-da şikaýatlar artýar. Günorta Afrkada geçirilen soňky ýoldaşlyk duşuşyklaryndan soň Ispaniýanyň, Italiýanyň, Braziliýanyň we Birleşen Ştatlaryň komandalarynyň derwezeçileri bu täze topuň howada barýarka uçuş ugruny garaşylmadyk ýagdaýlarda üýtgedýändigini aýdyp, muňa öz nägileliklerini bildirdiler. Emma ýaryşy gurnaýjylar häzirki toplaryň başga toplar bilen çalşyryljakdygy barada welin, gürrüň etmeýärler.
XS
SM
MD
LG