Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Belarusa bäş gün möhlet berdi


Alan gazy üçin 200 million dollar bergisini üzmäge Orsýet Belarusa bäş gün möhlet berýär. Bu barasynda Orsyetiň prezidenti Dmitriý Medwedew düýn Gazpromyň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşygynda aýtdy.

Eger bergi bellenen möhletde üzülmese, has berk çäreleriň görüljekdigini Orsýetiň prezidenti duýdurdy.

Belarusyň alan gazy üçin özbaşdak 2009-njy ýylyň nyrhy boýunça töleg edýändigini Alekseý Miller aýtdy.

Häzirlikçe bu beýannamany Belarus tarapy kommentirlemeýär.
XS
SM
MD
LG