Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oşda bäş sany türkmen studenti kömege garaşýar


Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Oş şäherindäki habarçysy Janar Akaýewanyň beren maglumatyna görä, Jelalabatda bilim alýan bäş türkmen studenti çarşenbe güni Oşa bardy.

Şol studentleriň Jelalabatdan taksi bilen Oşa baranlygy we özleriniň Türkmenistana gitmek isleýänligini aýdyp, Oş welaýatynyň häkimliginden kömek soranlygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Oşdaky habarçysy Akaýew bu barada şeýle gürrüň berdi: “Men şol studentleri Oş şäheriniň Häkimlik binasynyň öňünde gördüm, olar näme etjeklerini bilmän durdylar. Olar Bişkege gitmekden hem gorkýandyklaryny aýtdylar. Eger Häkimlik galara jaý berse özleriniň şol ýerde galmak isleýändiklerini aýtdylar”.

Mälim bolşuna görä, şol studentler çarşenbe güni Oş şäherinden 350 töweregi türkmen studentiniň Özbegistana alnyp gaýdylmagyndan soň Oşa bardylar.

Olardan başga-da Oşda we Jelalabatda näçe türkmenistanlynyň bardygy barada häzirlikçe takyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG