Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşgy bilen ýazylan hat


Oşdaky özbek ýaşaýjylar etniki çaknyşygyň pidalaryny jaýlaýarlar, 13-nji iýun.
Oşdaky özbek ýaşaýjylar etniki çaknyşygyň pidalaryny jaýlaýarlar, 13-nji iýun.
Sen gidersiň, baky berlen ömür ýok,
Ürç edip, harç edip, bergi-borç edip,
Dükanlaryň işigini torç edip,
Rejeläp hatarlan kitaplaň galar,
Algy az, bergi köp hasaplaň galar,
Çekerde demigýän azaplaň galar.

Çaň astynda galar galam-kagyzyň,
Gaýdyp dakynmajak äýnegiň ýatar,
Oýlananam dälsiň beýle bor diýip,
Sensiz güneş ýaşar, sensiz daň atar.

Syrmasallah ýaşan bolsaň, eý, aman,
Ýok döşüňe başyn goýup aglaýan.

«Ajal» diýen söze gözläp kapyýa,
Tapmarsyň sen – gidersiň sen bakyýa.
Kim seni öldürdi – özbekmi, gyrgyz,
Asla nirden geldi bu ýowuz gyrgyn?

Duran tutulmady, duran atyldy,
Bar emlägiň gyzyl oda itildi.

Pidalar içinde dürli millet bar,
Kim uçaryň ganatyna minnetdar,
Kim eşekli gaçdy, kimse pyýada,
Ýarag tutan soňun salmady ýada.

Düýn bir-birne gül uzadan doganlar,
Gözün ýumup çar tarapa çozanlar,
Köçede ýaraly ýatana em ýok,
Merhumyň jesedin ýygnap bolanok!

Özbaşdaklyk, garaşsyzlyk arzuwlap,
Indem köçeleri gan bilen suwlap,
Ene diýmän, çaga diýmän heläklän,
Pidalaň üstünden ädikli ätlän,
Bu gün pyçak goýup ejiz damaga,
Garaşýarmy ynsanperwer kömege?

Kim beýik kürsini gysganar eken,
Palta gören daragt tisginer eken.

Ýüzlerçe jesede kim berjek jogap,
Müňläp ýaradara kim etjek sogap?

Halky didiwana mündürmek – gahat,
Bu ne jan dawasy, bu ne syýasat?!
Biri tokaý otlap gazanjakmyş at,
Biri benzin guýup tutaşdyrjak ot...

Iki sapar ölen heniz görlenok,
Ömurem-ä iki gezek berlenok!

«Nähak gan» sözüne gözläp kapyýa,
Tapmarsyň sen, gidersiň sen bakyýa.
Bilmersiň – ýene gan näçe içiler,
Belki, erte halkyň gözi açylar.
XS
SM
MD
LG