Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda halkara güýçlerden 9 harby heläk boldy


Düýn Owganystanda halkara güýçleriň harby gullukçylaryndan dokuz adam heläk boldy.

Olaryň dördüsi Gandagar welaýatynda wertalýot ýykylanda öldi. Şolaryň üçüsi Awstraliýadan. Komandowaniýäniň maglumatyna görä, wertolýot söweşijiler tarapyndan urlup gaçyrylmandyr.

Ýurduň günortasyndaky partlamalarda we atyşyklarda NATO-nyň ýene üç harbysy heläk boldy. Iki harby Owganystanyň gündogarynda minanyň üstünden baryp wepat boldy.

Şu ýyl Owganystanda halkara koalision güýçlerden heläk bolan harbylaryň umumy sany 280-den geçýär.

Iň ganly aý iýun aýy bolup, 60 harby heläk boldy.
XS
SM
MD
LG