Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda bolan partlamada 5 adam heläk boldy


Sişenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherinde harbylary alyp barýan awtobus nyşana alnyp amala aşyrylan partlamada azyndan 5 adam heläk bolup, 12 adam ýaralandy.

Bu partlamanyň jogapkärçiligini kürtleriň aşa milletçi we seperatist topary bolan “Garaşsyzlyk boýunça laçynlar” atly toparyň boýun alanlygy aýdylýar. Bu maglumat agzalýan toparyň internet sahypasynda çap edildi.

Şol toparyň kürtleriň gadagan edilen Işçiler partiýasy bilen baglanşygynyň bardygy aýdylýar.

Türkiýäniň etniki kürtleriň köpçülikde ýerleşýän regionyna awtonom statusynyň berilmegini talap edip, kürtleriň Işçiler partiýasy 1984-nji ýyldan bäri Ankara bilen göreşip gelýär.
XS
SM
MD
LG