Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystana 52 ýarym müň bosgun gaýdyp geldi


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň agzasy, goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ysmaýyl Isakow düýn watanyna gaýdyp gelen bosgunlar bilen Oşda duşuşdy.

Ministr žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Şu günki gün ýurda gaýdyp gelenleriň sany 52 müň 539 adam. Olar bilen gürrüňde birinjiden, ýitirim bolan maşgala agzalary, garyndaşlary gözlemek, ikinjiden, kim öýünden mahrum bolan bolsa, olara çadyrlar bermek ýaly iň möhüm meseleler gozgaldy. Öýi ýananlaryň arasynda gyrgyzlaram bar”.

Soňky maglumatlara görä, Gyrgyzysatana gaýdyp gelen bosgunlaryň sany 58 müň adam, etnigara çaknyşyklarda heläk bolanlaryň sany 140 adam.
XS
SM
MD
LG