Bu çärä hukuk goraýjy düzümleriň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Neşe serişdelerini ýok etmek çäresiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylara dürli haltalara ýerleşdirilen neşe serişdeleri görkezildi. Isleg bildirýänleriň her biri howply kontrabanda harydyny halkara kadalaryna laýyklykda bişen kerpiçden gurlan ýörite peje taşlamaga mümkinçilik aldy.
Çäre mahalynda 674 kilogramdan gowrak neşe serişdeleri 800-1000 gradusa çenli gyzgynlykda ýandyrylyp, ýok edildi. Şunda, kada bolşy ýaly, neşe serişdelerini ýakmak işine ahyryna çenli hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri we ygtyýarly bilermenler tarapyndan gözegçilik edildi.
Neşeleriň ulanylmagyna we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Halkara güni bolan 26-njy iýuna gabatlanyp, soňky ýyllarda Türkmenistanda neşe serişdelerini ýakmak çäresi yzygiderli geçirilýär.
Bu çäräni Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreş boýunça utgaşdyryjy topar we Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy guraýar.
Halkara hyzmatdaşlyk
Soňky wagtlar Türkmenistan abraýly halkara guramalary bolan UNODC, UNDP, Interpol, ÝHHG, TIKA, WCO we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan neşe maddalarynyň kontrabandasynyň öňüni almak, neşe serişdelerine bagly bolan adamlary ýüze çykarmak we bejermek, neşekeşligiň öňüni almak boýunça işleri yzygiderli alyp barýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň neşe baradaky 2010-njy ýyla degişli hasabatynda dünýadäki tirýekdir geroiniň takmynan 90 prosentiniň Türkmenistanyň goňşusy Owganystanda öndürilýändigi aýdylýar.
Barlagdan mälim bolşy ýaly, tutuş dünýäde sarp edilýän tirýegiň 60 prosenti Owganystanyň goňşulary Eýranda, Pakistanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda sarp edilýär.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.