Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG türkmen hökümeti üçin proýekt taýýarlaýar


BMG-niň Sekretariatynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamenti türkmen hökümetine ýardam berjek proýektiň üstünde işleýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Bu proýektiň çäginde kadrlaryň gaýtadan taýýarlanmagy, dokumentler toplumyny işläp-düzmek ýaly meselelere üns beriler.

Bu barada 28-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen duşuşan BMG-niň Sekretariatynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň wekili Alekseý Tihomirow mälim etdi diýlip, maglumatda aýdylýar.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler barada maslahat edildi diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG