Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ykdysatçylary ýörite okuw kursyny tamamladylar


30-njy iýunda Türkmenistanyň esasy ykdysady edaralarynyň 28 spesialisti dolandyryş hasapçylygy, salgytlar we hukuk boýunça bir aýlyk okuw kursuny tamamlady. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Bu okuw kursy “Chevron Nebitgaz B.V. Türkmenistan” kompaniýasynyň ýardamy bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş programmasynyň (USAID) Ykdysady reformalar arkaly bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak proýekti tarapyndan (EREC) geçirildi.

Okuwyň tamamlanyş dabarasynda USAID-iň Türkmenistan boýunça wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Erin Koul çykyş edip, hasapçylyk ulgamynda halkara derejede ykrar edilen düzgüni bilýän türkmenistanly hünärmenleriň sanynyň artmagynyň türkmen hökümetiniň maliýe hasabatynda halkara ölçegleri ornaşdyrmak boýunça edýän tagallalaryna ýardam berjekdigini belledi.

Halkara derejede ykrar edilýän “Sertifikatly iş alyp barýan hasapçy” atly hünärmenlik derejesini almak üçin bu okuwyň möhümdigi aýdylýar. Okuwa gatnaşanlar bu sertifikaty almak üçin “Maliýe hasapçylygy” atly okuwy tamamlap, synagdan geçdiler diýlip, habar berilýär.

Okuwa gatnaşyjylaryň arasynda ýurduň esasy ykdysady edaralarynyň onusynyň, şol sanda Ykdysadyýet we Maliýe ministrlikleriniň, salgyt we statistika edaralarynyň hem-de Merkezi bankyň işgärleri bar.

Bu spesialistleriň köpüsi maliýe hasabatynyň halkara ölçeglerini bütin ýurt boýunça girizmek meselesini amala aşyrmakda wajyp orun eýelärler diýlip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG