Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda umumymilli konferensiýa geçiriler


Pakistanyň premýer-ministri Ýusup Reza Gelany terrorizme garşy göreş meselesi boýunça umumymilli konferensiýa gurnamaga razylyk berdi.

Ondan bir gün öň oppozisiýa lideri, Pakistanyň musulman ligasyna baştutanlyk edýän Nawaz Şarif ýurtda howpsuzlyk meselesini bilelikde maslahat etmek üçin talyplar bilen gepleşikler stolunyň başyna geçmäge hökümeti çagyrdy.

Konferensiýa “Talybanyň” wekilleri çagyrylarmy? Ol häzirlikçe näbelli bolup galýar.

Zorluklaryň derejesi Pakistanda azalmaýar. Hepdäniň penşenbe güni Lahorda bolan terroristik aktyň netijesinde 42 adam heläk boldy. Onlarçasy ýaralandy.
XS
SM
MD
LG