Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Demirgazyk Kawkazda täze strategiýany öňe sürýär


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Demirgazyk Kawkazda ýagdaýy gowulandyrmak üçin täze inisitiwalary öňe sürdi.

Orsýet bu sebitde garyplyk, işsizlik hem parahorluk sebäpli barha möwjeýän yslam pitneçiligi bilen göreşýär.

Orsýetiň günortasyndaky Stawropol regionynda, Kislowodskide çykyp gürlän Putin ýerli resmileri hususy maýadarlary çekip, işsizligi azaltmaga we Demirgazyk Kawkaza parahatçylyk getirmäge çagyrdy.

Ol ýerli ilatyň köplenç ýagdaýda biparhlyk, ümsümlik we parahorluk dildüwşügine uçraýanynyny aýdyp, ýolbaşçylara köpräk adam hukuklaryny goraýjylary diňlemegi hem maslahat berdi.
XS
SM
MD
LG