Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Britan goşunlary Owganystanyň esasy ýerlerinden çykarylar


Britaniýanyň goranmak sekretary Liýam Foks britan goşunlary günorta Owganystanyň esasy ýerlerinden çekilip, jogapkärçiligi ýylyň aýagyna çenli Birleşen Ştatlaryň deňiz goşunlaryna berer diýdi.

Foks bu üýtgeşikligiň NATO plany astynda, noýabr töwereklerinde demirgazyk Helmandda Birleşen Ştatlaryň güýçlerini döretmek üçin edilýändigini aýtdy.

Britan goşunlary Owganystanyň günorta Sangin etrabynda, ýagny ýurduň iň bir zorlukly Helmand welaýatynda agyr ýitgi çekdiler.

2001-nji ýylda Owganystandaky konflikt başlaly bäri Britaniýanyň 99 esgeri öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG