Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna ýurduň hökümet agzalary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym, bilim edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de mugallymlary we talyplar gatnaşdylar.
Häzirki güne çenli Täçmämmet Jürdekowyň ýazan «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitaby türkmen, rus, iňlis, nemes, türk, hytaý, ukrain we pars dillerinde neşir edilipdi.
Kitaby Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary terjime etdiler. Bu kitap türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.
Kitapda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem-de atasy hakda gürrüň hem maglumatlar berilýär. Kitabyň sahypalarynda dokumental çeşmelere we arhiw materiallaryna esaslanan taryhy wakalar, şeýle hem Türkmenistanyň iň täze taryhynyň wakalary beýan edilýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Pýer Lebowiks «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitap hakda öz pikirini beýan etmek bilen, onuň fransuz okyjylaryna türkmen milletiniň däp-dessury, milli gymmatlyklary, türkmen jemgyýeti bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berjekdigi hakda çykyş etdi.
Kitabyň tanyşdyrylyş dabarysyna gatnaşanlar dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa biragyzdan ýüzlenme kabul etdiler.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.