Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly zenany daşlap öldürmek çäresi togtadylýar


Düýn Eýranyň Adalat ministrliginiň resmisi Malekaždar Şarifi bikanun jynsy gatnaşykda aýyplanylyp sud edilen hanym Aştýanini daşlap öldürmek çäresiniň häzirlikçe togtadylandygyny aýtdy.

Ýöne, şeýle-de bolsa, ol Sakineh Mohammadi Aştýaniniň barybir daşlanylyp öldürilmeginiň mümkindigini mälim etdi.

Ýewropa Bileleşigi, käbir Günbatar ýurtlary we ynsan hukuklaryny goraýjy köpsanly halkara guramalary hanym Aştýanini daşlap öldürmek barada Eýranyň sudunyň kabul eden kararynyň ýatyrylmagyna çagyryş edip gelýärler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Amnesty International guramasy Sakineh Mohammadi Aştýaniniň häzirki aýyplama boýunça 2006-njy ýylda suduň karary esasynda 99 gezek dürre bilen urlup, öz jezasyny çekendigini aýdýar we onuň şol bir aýyplama boýunça ikilenji gezek jezalandyrylmaly däldigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG