Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýiten alym Amiri Waşingtondan tapyldy


Eýranyň tapylmaýan ýadroçy alymy Waşingtondaky ilçihanadan tapyldy. Tähran onuň Merkezi aňtaw gullugy tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýdypdy.

Şahram Amiri 2009-njy ýylyň iýunynda Saud Arabystanyna zyýarata gidenden soň ýitirim boldy.

Eýran Amiriniň amerikan aňtaw gulluklary tarapyndan alnyp gaçylanyna subutnamasynyň bardygyny aýdýar. Birleşen Ştatlar bu işe özüniň hiç bir dahylynyň ýokdugyny aýdýar.

Amiri Eýranyň dawaly ýadro programmasy üçin işlän alym.

Eýranyň döwlet mediasy şu gün Amirinin derhal Eýrana dolanmak isländigini aýtdy.

Biraz öň Amiriniň Pakistanyň Waşingtondaky ilçihanasyndan pena sorandygy aýdylypdy.

Eýranyň ýarym resmi Fars habarlar gullugy Amriniň ilçihana amerikan agentleri tarapyndan gowşurylandygyny aýtdy.

Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň 1979-njy ýylyň yslam rewolýusiýasyndan bäri diplomatiki gatnaşygy ýok.
XS
SM
MD
LG