Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şermendelik


Karikaturany çeken: Mihail Zlatkowski
Karikaturany çeken: Mihail Zlatkowski

Şermendelik - türkmeniň iň bir halamaýan gylygy. Hiç kim bilen oňuşman, hiç kimiň gepini diňlemän, diňe öz sözüni gögertmek üçin gykylyklap ýörenlere türkmenler «şermende» diýýärler.

Şermendeler sögüşmeden, dawadan lezzet alyp ýaşaýarlar. Olar kesekiniň gybatyny etmegi, kişiniň syryny paş etmegi lezzet hasaplaýarlar.

Durmuşda ýalňyşman, dawalaşman ýaşap bolanok. Gündelik ýaşaýyşda ýüze çykyp durýan nogsanlyklar käte iň gowy görýän kişiň bilen hem ynjaşmaga mejbur edýär. Şeýle ýagdaýlarda akylly kişiler öz dawalarynyň üstüne keseki biri geläýse, derrew dawaly gürrüňi bes edip, gepi başga ýana gönükdirmek bilen bolýarlar. Kesekiniň ýanynda diňe gowy zatlar barada gürrüň edýärler.

Umuman, akylly adamlar maşgala dawasyny-da, dostlar arasyndaky dawany-da, ykbaldaşlar arasyndaky dawany-da, pikirdeşler arasyndaky dawany-da kesekä eşitdirmeýärler.

Öz dawasyny töwerege eşitdirmek niýeti bilen gykylyk edýänleri türkmenler akylly adamlaryň hatarynda görmeýärler. Dawa-gykylyk töwerege jar edilen halatda şol gykylykçylara degişli syr hem paş bolýar. Syry paş edýän adamlary türkmenler asla-da halamaýar.

«Namarda syr berme syr saklar diýip,
Namart syr saklamaz diýmek biläni»
diýip, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy hem namartlaryň islendik syry paş edýändigini aýdyp geçipdir.

Şermende öz öýünde öz maşgalasy bilen hem oňuşmaýar. Öz ilinde ili bilenem oňuşmaýar. Ol nirä barsa-da, nähili adamlaryň arasyna düşse-de, dawasyz oňup bilmeýär. Dawanyň netijesinde-de ýeňiş gazanmak üçin ähli töwerek-daşynyň syryny ile paş edýär. Şeýdip, töweregindäkileri gorkuzýandyryn öýdýär. Ýeňiş gazanan batyrdyryn öýdýär. Ýöne onuň edýän şol işi namartlyga degişli bolýar. Namart özüne edilýän ýagşylygy-da bilmeýär, ýagşylyk edýäni-de sylamaýar, ol diňe hemmelerden üstün çykmak üçin ýadaman dawa edýär.

Bigünäler kösenýär

«Ýamanyň kössi ýedi gapa ýeter» diýleni. Şermendäniň şeriniň netijesinde gara güzerany iteklemek üçin gezip ýören bir topar bigünälere hem zelel ýetýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň geçen ýigrimi ýylynyň içinde hem Türkmenistandan kän türkmenler “gara sanawa” girizildiler. Olaryň aglabasy hem ýurtda adalatyň, hak sözüň dikelmegi üçin göreşip, jebir çeken adamlar.

Göreşýän adamlary hemmeler sylaýar. Olaryň ahyr bir gün öz göreşleriniň netijesini görkezjekdiklerine, ýurtda adalatyň dikelmegine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna garaşýarlar. Emma şu gowy zatlaryň ýerine göreşijilerden şermendelik, dawa, tükeniksiz dawalaryň netijesinde birek-biregiň syryny paş etmek, biri-birini ýamanlap ýazmak ýaly ýakymsyz zatlar çykanda welin, kalbyňa örän ýakymsyz duýgy aralaşýar. «Ine, näme üçin ýurda gelmeli adalatlylyk, demokratiýa gijä galýar?!» diýip, pikir öwürýärsiň.

Göreşijileriň hemmesiniň ýoly, pikiri deň bolmaly dälmi? Olaryň ählisiniň maksady bir bolmaly dälmi?! Ýurda hemmeler üçin deňlik bolar ýaly gurluşy getirmek pikiri göreşijileriň hemmesine degişli dälmi? Bu zatlary gazanmak üçin şermendeligi, dawany, namartlygy bir ýana taşlap, iň bolman, birek-birege zyýan salman, birek-biregiň syryny paş etmän ýaşamagy başarjak bolmaly.

Uly gykylyk bilen halamaýan kişiňi ýamanlamaga başlamak pikiriňi goýbolsun etmegem ýeňşe tarap ädilýän ädimdir. Halamaýan kişiň syryny paş etmezligem uly mertlikdir, seniň gowulygyňdyr. Ýöne, arman, şeýtmegi köp kişi başaranok-da!

Ine, näme üçin biz ýigrimi ýyl bäri ýurda adalaty, hakykaty getirip bilemzok...

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG