Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-rus inwestisiýalary boýunça federal kanun tassyklandy


Şu hepdäniň çarşenbe güni Orsýetiň Ýokarky palatasy bolan Federasiýa Geňeşi nobatdaky maslahatynda «Orsýet Federasiýasynyň hökümeti bilen Türkmenistanyň hökümetiniň inwestisiýalary goramak boýunça Ylalaşygy ratifikasiýa etmek» baradaky federal kanuny tassyklady.

Orsýetiň Ýokarky palatasynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, bu kabul edilen kanun orsýetli inwestorlaryň Türkmenistandaky maýa goýumlarynyň hem-de türkmenistanly inwestorlaryň Orsýetdäki maýa goýumlarynyň azyndan geljek 10 ýylyň dowamynda doly goralmagyna kepil geçýär.

Bu kanuna laýyklykda, taraplar ýatyrylýan inwestisiýalary we inwestorlaryň girdejilerini millileşdirmek ýa-da mejbury ýagdaýda ellerinden almak ähtimallyklaryndan goraglary kepillendirýärler.
XS
SM
MD
LG