Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2011-de amerikan goşunlary Owganystandan çykyp başlar


ABŞ-laryň wise-prezidenti Jo Baýden Owganystandaky goşmaça amerikan kontingentiniň peýdasy barada gürrüň ederden irdigini aýtdy.

Amerikan telekanallarynyň birinde çykyş edip, Baýden goşmaça goşunlary Owganystana getirmegiň awgust aýynda tamamlanjakdygyny, şonuň üçin netijeler barada gürrüň ederden irdigini aýtdy.

2011-nji ýylda amerikan goşunlaryny Owganystandan çykaryp başlamak barada ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň planynyň bardygyny tassyklady.

“ABS News” telekanaly we “Washington Post” gazeti bilen bilelikde soňky geçirilen sosiologik pikir soralyşygyň netijelerine görä, 43% amerikalylar Owganystanda talyplara garşy harby hereketleri dowam etdirmegi möhüm hasap edýär.
XS
SM
MD
LG