Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Gazagystanyň we Orsýetiň BSG-e girmegine tarapdar


“Gazagystanyň we Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna tiz wagtdan girmegine Germaniýa tarapdar” diýip, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Gazagystana saparynyň gidişinde aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşykda ykdysady meseleler, şol sanda Gazagystana german inwestisiýasyny çekmek, “Nabukko” turbasyny gurmak ýaly meselelelere seredildi.

Gazagystan bilen Germaniýanyň ýakyn ýyllarda özara haryt dolanyşygyny üç esse artdyrjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG