Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede 196 adama resmi aýyplama bildirildi


Türkiýede birnäçe ýokary derejeli harbyny goşmak bilen, 196 adama döwlet agdarylyşygyny geçirmäge taýýarlyk görmekde resmi aýyplama bildirildi.

Tas bir müň sahypalyk aýyplama boýunça dokumentde şol adamlaryň 2003-nji ýylda ýurtda bulaşyklyk döredip, hökümeti agdaryp, häkimiýete harbylary getirmek üçin dildüwşüklige gatnaşandygy tassyklanýar.

Günä bildirilýänleriň arasynda Birinji goşunyň öňki serkerdesi Dogan Çetin, Türkiýäniň Harby-howa hem Harby-deňiz güýçleriniň öňki serkerdeleri bar. Olara 20 ýyl türme tussaglygy abanýar.

Sud prosessiniň haçan başlanjakdygy barada häzirlikçe habar berilmedi.
XS
SM
MD
LG