Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama maliýe reformasy baradaky kanuna gol çekdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama maliýe sektoryny kadalaşdyrmagyň reformasy barada öň Kongress tarapyndan makullanan kanuna gol çekdi.

“Wall street reformasy we sarp edijileri goramak baradaky kanun” diýen resmi ady bolan bu dokument maliýe bazarynda töwekgel operasiýalary çäklendirýär hem uly banklara gözegçilik mehanizmini döredýär.

Barak Obama “Kanunyň maksady iki ýyl mundan öň bolan krizisiň gaýtalanmagyna ýol bermezlik” diýip, ýene bir gezek aýtdy.
XS
SM
MD
LG