Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowanyň garaşsyzlygy “halkara kanunçylygyna garşy däl”


Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara sudy Kosowanyň 2008-nji ýylda birtaraplaýyn ýagdaýda öz garaşsyzlygyny yglan etmegine kanuny hereket hökmünde baha berip, karar çykardy.

Halkara sudunyň prezidenti Hisaşi Owada Kosowanyň öz garaşsyzlygyny birtaraplaýyn ýagdaýda yglan etmesiniň halkara kanunçylygyna garşy gelmeýändigini aýtdy.

Şeýle hem, ol Kosowanyň bu hereketiniň Birleşen Milletler guramasynyň Kosowany BMG-niň wagtlaýyn dolandyryşy astyna almak barada 1999-njy ýylda kabul eden rezolýusiýasyna-da garşy gelmeýändigini öňe sürdi.

Halkara sudy bu meselä Serbiýanyň hökümetiniň şikaýaty esasynda garady.
XS
SM
MD
LG