Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe täjik ýaşaýan ýerinden göçmeli bolar


Penşenbe güni Täjigistanyň häkimiýetleri ýurduň gündogarynda gurulýan Rogun gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy sebäpli müňlerçe adamlaryň öz ýaşaýan ýerlerinden göçmeli boljakdyklaryny mälim etdiler.

Bu maglumata görä, bu gurluşyk Rogun raýonynda ýaşaýan 6 müň 500 töweregi adamyň öz ýaşaýan ýerini terk etmegine sebäp bolar.

Täjigistanyň zähmet ministri Mahmadin Mahmad-aminow şu üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ol raýondan 1 müň töweregi adamyň göçjekdigini aýtdy. Ýöne ol gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy sebäpli göçmäge mejbur bolan adamlara hökümet tarapyndan nähilidir bir kompensasiýalaryň berlip-berilmejekdigi barada welin, anyk gürrüň etmedi.

Täjigistandaky Rogun gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy ozalbaşda 1960-njy ýyllarda başlanypdy. Ýöne maliýe kynçylyklary, syýasy krizisler we sil heläkçilikleri sebäpli onuň gurluşygy ençeme gezek togtadylypdy.
XS
SM
MD
LG