Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewreýleri öldürmä gatnaşykda aýyplanýan Demýanýuk sud edilýär


Ikinji jahan urşy ýyllary 28 müň töweregi ýewreýi öldürmäge gatnaşykda aýyplanýan Iwan Demýanýuk düýn Mýunhende bolan sud diňlenişigine gatnaşdy.

Mundan öňki iki sud diňlenişigi sud edilýäniň saglyk ýagldaýy bilen bagly onsuz geçirildi. Ony düýn suduň zalyna zemmerde getirdiler.

Derňewiň maglumatyna görä, Ukrainada doglan Demýanýuk başda gyzyl goşunyň hatarynda söweşipdir, soň ýesir düşüp, nasistleriň tarapyna geçipdir.

Ol Polşanyň territoriýasyndaky Sobibor lagerinde edilen jenaýatlara gatnaşygyny inkär edýär.
XS
SM
MD
LG