Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu gün Pakistanda matam güni yglan edildi


Düýn Yslamabadyň eteginde ýolagçy uçarynyň betbagtçylyga uçrap, ondaky 152 adamyň ölümi zerarly şu gün Päkistanda matam günüdir.

Pakistanyň häkimiýetleri bu wakany ýurduň territoriýasynda bolan iň aýylganç awiakatastrofa diýip atlandyrdylar.

Şu betbagtçylyk sebäpli BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun gynanç bildirdi.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhammedow uçar betbagtçylygy zerarly Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardara gynanç bildirdi.
XS
SM
MD
LG