Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arassa agyz suwuna bolan hukuk adam hukugydyr


BMG-niň Baş Assambleýasy arassa agyz suwuna we sanitariýa bolan hukugy adam hukugy diýip jar etdi.

15 ýyllyk çekişmelerden soň kabul edilen rezolýusiýada ösüp barýan ýurtlara arassa agyz suwunyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyna kömek bermäge ähli döwletlere, halkara guramalara çagyryş bar.

Dokumentde her gün dünýäde hapa suw içmek hem antisanitariýa sebäpli döreýän kesellerden iki million töweregi adamyň ölýändigi nygtalýar.

Baş Assambleýanyň bu rezolýusiýasy hökmany häsiete eýe däldir.
XS
SM
MD
LG