Şu gün Germaniýanyň Duisberg şäherinde geçen hepde «Söýgi parady» ady bilen geçirilen ýyllyk festiwalda ölen adamlaryň hormatyna ýörite hatyra çäresi geçirilýär.
Bir hepde mundan ozal on müňlerçe adamyň dyknyşmagy netijesinde ýüze çykan heläkçilikde 21 adam ölüp, 500 töweregi adam hem ýaralanypdy.
Şol heläkçiligiň yzy bilen Germaniýada her ýyl tomus «Söýgi parady» ady bilen geçirilýän bu festiwaly gurnaýjylar gaýdyp bular ýaly festiwalyň geçirilmejekdigini mälim etdiler.
Duisberg şäherinde gurnalan bu günki hatyra çäresine gatnaşýanlaryň arasynda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we ýurduň prezidenti Kristian Wulff dagylar hem bar.