Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Orsýete kömek teklip etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow orsýetli kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen telefon arkaly gürrüňde Orsýetdäki ýangynlar sebäpli gynanç bildirdi hem öz tarapyndan zerur kömegi teklip etdi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýanyň nobatdaky maslahatyny geçirmek ylalaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Dmitriý Medwedewi özüne amatly wagt sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetralyk bilen kabul edildi.

Saparyň wagty diplomatik kanallar arkaly ylalaşylar diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG