Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Býujet kodeksiniň proýekti türkmen parlamentinde


Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Ýewrokomissiýanyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde halkara kosultantlaryň gatnaşmagynda işlenip düzülen Býujet kodeksiniň proýekti seretmek üçin Türkmenistanyň Mejlisine hödürlendi.

Proýekti hemmeteraplaýyn öwrenmek üçin parlamentde ýörite topar dörediler.

Türkmenistanyň döwlet býujetini düzmek, ýerine ýetirmek meselelelerini kadalaşdyrýan köp sanly normatiw-hukuk aktlaryny Kodeks ýeke-täk bir dokumente öwrer. Olary hereket edýän halkara kadalaryna we standartlaryna laýyk getirer.

Býujeti maliýeleşdirmeşgiň täze sistemasyna geçiş bäş ýylyň dowamynda amala aşyrylar diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG