Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan talyplara garşy göreşde gowy netijelere garaşýar


Owganystanyň goranmak ministri Abdul Rahym Wardak ýurtdaky talyplaryň garşysyna göreşe gönükdirilen tagallalaryň ýylyň ahyryna çenli uly netijeler getirjekdigini aýdýar.

Owganystanda zorluklaryň ýokary derejede saklanýandygyny Wardak boýun aldy, ýöne şol bir wagtda-da, onuň sözlerine görä, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan görülýän çäreleriň netijeli boljagyna ynanmaga esas bar.

Owganystandaky urşa degişli ABŞ-nyň harby komandowaniýesiniň onlarça müň gizlin dokumentleriniň aýan bolmagyny kommentirlemek bilen ministr şol materiallaryň “garaşylmadyk uly sowgat bolmandygyny” belledi.

Şol dokumentleriň çap edilmegini ýakynda Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzaý ýazgaryp çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG