Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky amerikan goşunlary söweşi bes ederler


Duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň Yrakdaky goşunlarynyň öňünden planlaşdyrylyşy ýaly şu ýylyň 31-nji awgustynda söweş tabşyrygyny ýerine ýetirmegini tamamlaýandyklaryny aýtdy.

Obama duşenbe güni Atlantada maýyp weteranlaryň öňünde çykyş etdi. Obamanyň bellemegine görä, onuň häkimýete gelen gününden bäri we 31-nji awgusta çenli Yrakdan çykarylan amerikan harby gullukçylaryň sany 90 müň bolar.

Yrakdaky geçiş döwründe 50 müň harbyly kontingent galar. Olar Yragyň polisiýasyny türgenleşdirmek, terrorizme garşy operasiýalary geçirmek we raýar spesialistleri taýýarlamak bilen meşgullanarlar.

Obama 2011-nji ýylyň ahyrynda amerikan harbylarynyň Yrakdan doly çykaryljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG