Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky ýaranlyk güýçleri üçin täze düzgün girizildi


ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky ýaranlyk güýçleriniň ýolbaşçysy general Deýwid Petreus Owganystanda parahat ýaşaýjylaryň öldürilmeginiň öňüni almak üçin edilmeli işler barada täze düzgünleri öz içine alýan kitapçany çap etdirdi.

Şol täze düzgünlere laýyklykda, güýç ulanmazdan öň hökmany suratda nyşana alnan ýerlerde parahat ýaşaýjylaryň ýokdugy barlanmaly.

Diňe özüňi goramak maksady bilen güýç ulanylan halatynda bu düzgüni berjaý etmezlige rugsat berilýär.

General Petreus 4-nji iýulda Owganystandaky ýaranlyk güýçleriň serkerdesi wezipesine bellenildi.
XS
SM
MD
LG