Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky korrupsiýa seredýän kommissiýalar derňeler


Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamyd Karzaý Owganystandaky korrupsiýa meselelerine gözegçilik etmek boýunça Günbatar ýurtlaryň inisiatiwasy bilen döredilen iki sany komissiýanyň öz işlerini derňemeklige görkezme berdi.

Owganystanyň baş prokurory Muhammad Ishak Alko prezidentiň şeýle görkezme bermegine ýurduň dürli künjeklerinden we, şol sanda, türme tussaglygyndaky käbir tussaglardan gelen şikaýatlaryň sebäp bolandygyny aýtdy.

Maglumata görä, täze geçiriljek derňewleriň barşynda Owganystanda iş alyp barýan «Major crimes task force» we «Sensitive investigation office» atly komissýalaryň işleri derňeler.

«Major crimes task force» atly komissiýa Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň polisiýa ekspertlerinden ybarat bolup, ol Owganystanyň polisiýa we razwedka edaralarynyň işgärleriniň işiniň üstünden gözegçilik alyp barýar.

Ýakynda hut şu komissiýanyň bildiren aýyplamalarynyň esasynda Owganystanyň ýokary derejeli resmilerinden birnäçesi tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG