Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indiki ýyl Yrakdaky amerikan goşunlary çykarylyp bilner


Öten agşam Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama şu awgust aýynyň ahyryna çenli amerikan goşunlarynyň Yrakdaky uruş operasiýalaryny howpsuz ýagdaýda togtadyp biljekdigini we, ozalky planlaşdyrylyşyna laýyklykda, 2011-nji ýylyň ahyryna çenli hem ýurtdan doly çykarylyp bilinjekdigini aýtdy.

Bu barada prezident Obama düýn giçlik Döwlet sekretary Hillary Klinton, goranmak sekretary Robert Geýts, milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýms Jons hem-de, wideo konferensiýa arkaly, Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky goşun komanduýuşisi general Reý Odierno dagylar bilen geçiren maslahatynyň barşynda mälim etdi.

Bu maslahatyň yzy bilen prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Robert Gibbs habarçylara beren interwýusynda Yrakda bäş aý mundan ozal geçirilen parlament saýlawlaryndan soň ýurduň hökümetini düzmek ugrunda soňky günlerki edilýän tagallalardan hem Barak Obamanyň hoşaldygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG