Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri sudy blogçularyň apeliýasiýasyny ret etdi


Azerbaýjanyň Ýokary sudy türmä basylan iki internet blogçusynyň apeliýasiýasyny ret etdi.

Olaryň türmä basylmagy Azerbaýjanda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna halkara derejede uly aladalar döredipdi. Metbugat azatlygyny goraýan guramalar we daşary ýurt resmileri, şol sanda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton olaryň türmä basylmagyna alada bildiripdiler.

Olar internetde hökümeti ýazgarýan wideo ýazgyny ýerleşdiripdi. Şol iki žurnalistiň aklawçysy Isahan Aşurowyň aýtmagyna görä, Ýokary sud olaryň apeliýasiýasyny penşenbe güni ret edipdir.

2009-njy ýylyň noýabrynda Adnan Hajyzada hem-de Emin Milli huligançylykda aýyplanyp, 2 we 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG