Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat toparlary ukrain žurnalisti barada alada bildirýär


Halkara metbugat instituty ukrian žurnalisti, 11-nji awgustdan bäri tapylmaýan Wasil Klimentýewiň howpsuzlygy barada alada bildirdi.

Ukriananyň metbugat azatlygy guramasy bolan Köpçülikleýin habar instituty hem bu alada goşulýar we Klementýewiň ölen bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar.

Žurnalistiň mobil telefonynyň Harkowyň töwereginde bir gämiden tapylandygy aýdylýar.

Klementýew «Nowyý stil» gazetiniň baş redaktory. Bu neşir Harkowda korrupsiýa meselelerini derňemäge köp üns berýär. Şeýle-de Klementýew kanun resmilerini tankyt etmekde tanalýar.
XS
SM
MD
LG