Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystanda Talyban gepleşiklerine kömek eder


Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky goşun serkerderbaşy general Dewid Petreus özüniň Talyban bilen gepleşiklere araçylyk etmek tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem ol Birleşen Ştatlaryň käbir ýagdaýlarda pitneçiler bilen dialogy ilerletmäge kömek edendigini belledi.

General Dewid Petreus «Foks News» telekanalyna beren bu interwýusynda owgan hökümetiniň Talyban liderleri bilen gepleşik açmak tagallasyny edýändigini we Birleşen Ştatlaryň bu prosesi ýakyndan synlaýandyny aýtdy.

Petreus Owganystandaky urşuň gepleşikler esasynda soňlanjagyna ynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG