Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew protestlerden soň, ýol proýektini togtadýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew düýn Moskwanyň etegindäki tokaýyň içinden uly transport ýoluny çekmek planyny togtatmagy buýurdy.

Ol öz wideo blogunda goýlan beýanatda ýol gurmak karary hökümetiňki hem bolsa, bu ugurda adaty raýatlaryň, dolandyryjy partiýalaryň, oppozisiýa hem-de sosial toparlaryň we ekspertleriň garaýyşlaryny-da göz öňünde tutmalydygyny we bu mesele boýunça goşmaça barlaglaryň gerekdigini belläpdir.

Prezident Dmitriý Medwedew hökümetiň bu gurluşygy amala aşyrmagy togtatmagyna hem-de bu mesele boýunça goşmaça maslahatyň geçirilmegine görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG