Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistiň ýitmeginde organlara güman bildirilýär


Ukrainanyň Içeri işler ministri Anatoliý Mogilýow şu aýyň başlarynda ýitirim bolan žurnalistiň ýitirim bolmagyna howpsuzlyk güýçleriniň dahylly bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Içeri işler ministri Anatoliý Mogilýow bu sözleri ukrain telewideniýesinde eden çykyşynda aýtdy.

Harkowda çykýan «Nowyý stil» hepdeliginiň baş redaktory Wasiliý Klementýew 11-nji awgustda ýitirim bolupdy. Onuň ýolbaşçylyk eden gazeti korrupsiýa meseleleri barada köp ýazýardy.

Metbugat azatlygyny goraýjy toparlar Ukrainada metbugat azatlygynyň derejesiniň ýaramazlaşmagyndan alada bildirýärler.
XS
SM
MD
LG