Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbede ilkinji gezek gündelik gazet neşir edildi


Duşenbe güni Duşenbede 20 ýylyň içinde ilkinji gezek gündelik gazetiň ilkinji sany çap edildi.

“Imruz news”, ýagny “Şu günki täzelikler” diýlip atlandyrylýan bu gazet hepdede 5 gezek çap ediler.

Sowet Soýuzy dargaly bäri Täjigistanda diňe hepdelik gazetler neşir edilýärdi.

Täze gazetiň baş redaktory Rajab Mirzo Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda gazetde esasan soňky habarlaryň çap ediljekdigini, onda käbir analitiki makalalaryň hem beriljekdigini aýtdy.

Şeýle hem R.Mirzo bu gazetiň hiçbir guramalara degişli däldigini, onuň Täjik bankyndan alnan karz pul bilen dolandyrylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG