Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň synçylary Gyrgyzystana saýlawlardan soň barar


Şu gün ÝHHG-däki Gyrgyzystanyň ýörite wekili Lidiýa Imanaliýewa bu guramanyň synçylar toparynyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryndan soň Gyrgyzystana barjakdyklaryny aýtdy. Bu barada Lidiýa Imanaliýewa şu gün Wenada eden çykyşynda mälim etdi.

Ýewropada howpsuzyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ekspertler topary ozalbaşda awgust aýynda Gyrgyzystana barmaklygy planlaşdyrypdy. Bu ekspertler toparynyň Gyrgyzystana barmaly möhletiniň birneme yza süýşürilmeginiň sebäbi barada anyk maglumat berilmeýär.

Iýun aýynda Gyrgyzystanyň günorta regionynda etniki çaknyşyklar ýüz bereli bäri ýurduň wagtlaýyn hökümeti bu günorta regionda öz düzgünlerini we permanlaryny ýöretmekde belli bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär.
XS
SM
MD
LG